9-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelegleri esasynda guralýan gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi. Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz türkmen-gruzin gatnaşyklaryny iki döwletiň anyk mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýedir. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany Gruziýanyň Parlamentiniň ýolbaşçysyny ajaýyp türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň bütindünýäde ykrar edilen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir