UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalynyň ilkinji oýunlary geçirildi. Madridde "Real" "Mançester Sitini" kabul etdi. Duşuşyk 3:3 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Oýunda ilkinji bolup hasaby ikinji minutda "ManSiti" açdy. Bernardu Silwa gol geçirdi. Şeýle-de, iňlis toparynyň düzüminde Fil Foden (66) we Ýoşko Gwardiol (71) gol bilen tapawutlandy. "Real" ilki Ruben Diaşyň awtogolundan soň (12-nji minut) hasaby deňledi. Soň Rodrigo (14) we Federiko Walwerde (79) gol geçirdi. Toparlaryň jogap oýny 18-nji aprelde ýarygije (Aşgabat wagty bilen) Mançesterde geçer. Ýaryşyň bu tapgyrynyň beýleki bir oýnunda "Arsenal" Londonda "Bawariýany" utup bilmedi. Duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy. Ýer eýeleri 12-nji minutda Bukaýo Sakanyň goly bilen hasaby açdylar. "Bawariýadan" oýnuň birinji ýarymynda Serž Gnabri (18) we Garri Keýn (penaltiden, 32) gol geçirdi. Oýnuň ikinji ýarymynda Leandro Trossar hasaby deňledi (76). Jogap oýny 18-nji aprelde Mýunhende geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir