Awstraliýadaky Monaş uniwersitetiniň alymlary Ýerdäki iň arassa howanyň Antarktidanyň kenarlaryny ýuwýan Günorta ummanyň üstündäki atmosferadadygyny anykladylar. Bu barada Сlimate and Atmospheric Science (CAS) žurnalynda çap edilen gözlegde aýdylýar. Hünärmenler hemra arkaly alnan atmosfera görkezijilerini seljerenden soň şeýle netijä geldiler. Bu sebitdäki howanyň arassa bolmagy üç faktor bilen baglanyşykly: Bu ýerde adam işjeňliginiň bolmazlygy; Atmosferadaky kömürturşy gazyny we beýleki hapalaýjy maddalary özüne siňdirýän fitoplanktonyň işjeňligi; Aerozol bölejiklerini howadan ýuwup aýyrýan güýçli ýagyşlaryň we garyň ýagmagy. Günorta ummany Ýer togalagynyň iň bulutly ýeridir. Antarktidanyň üstündäki bulut örtügi üýtgeşik öýjükli gurluşa eýe. Şeýle öýjükleriň her biri dünýäniň beýleki ýerlerindäki bulutlardan alty esse köp ýagyş öndürip biler. Alymlar bu faktorlary öwrenmekligiň ýagşyň tozany we beýleki hapalaýjylary howadan nädip aýryp bilýändigine has gowy düşünmäge kömek etjekdigini aýdýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir