8-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ilkinji hatarara bejergi işlerine girişildi. 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek barada berlen tabşyryklara laýyklykda, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Şunda agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylykly geçirilmegini, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz howanyň maýlamagy bilen baglylykda, öri we ekin meýdanlarynda dürli zyýanly mör-möjekleriň döremeginiň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir