Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolar. Bu barada Gruziýanyň Parlamentiniň Metbugat gullugy habar berdi. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Papuaşwili Özbegistanda, Türkmenistanda we Gazagystanda bolar. Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň bu saparynda oňa ýurduň parlament wekiliýeti ýoldaşlyk edýär. Gruzin parlamentiniň ýolbaşçysy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Merkezi Aziýa sapary 13-nji aprelde tamamlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir