Legendary Pictures «Dýuna» atly fantastiki filmiň üçünji bölüminiň düşüriljekdigini habar berdi. Taslama ilkinji iki filmi surata düşüren fransuz-kanadaly kinematograf Deni Wilnýow režissýorlyk eder. «Dýuna» Frenk Gerbertiň 1965-nji ýylda neşir edilen ilkinji romanydyr. Ol XX asyryň iň meşhur ylmy-fantastiki kitaplarynyň biri hasaplanýar. Wilnýowyň bu esere esaslanýan filminiň birinji bölüminiň premýerasy 2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda bolup, dünýäde 401,8 million dollar girdeji gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir