Bütindünýä sowatlylyk gaznasy Media.Monks bilen hyzmatdaşlykda dünýä derejesinde sowatsyzlyga garşy göreşmek üçin döredilen Literacy Pen atly akylly ruçka modulynyň işe girizilendigini habar berdi. Bu barada Ferra portaly habar berýär. ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, sowatsyzlyk meselesi dünýäde takmynan 773 million adama täsir edýär, bu bolsa durmuş-ykdysady ösüşe çynlakaý päsgelçilik döredýär. Literacy Pen bu meseläni çözmäge ýardam berer. Ol aýdylan sözi ýerleşdirilen sanly ekranda tekste öwürmek üçin sözlemi tanamak funksiýasy bilen enjamlaşdyrylan ykjam elektron enjamdyr. Enjam adaty ruçka ýa-da galama dakylýar we ulanyjylaryň aýdan sözüni grammatiki takyklyk bilen ekranda görkezýär, bu bolsa ulanyjylara dogry ýazmaga mümkinçilik döredýär. Emma munuň üçin ähli sözleri dogry aýtmaly. Literacy Pen-iň haýsy dilleri goldaýandygy habar berilmedi. Bu konseptual enjam, şonuň üçin onuň geljekde satuwa çykarylyp-çykarylmajagy belli däl. Bütindünýä sowatlylyk gaznasy (The World Literacy Foundation) bütin dünýäde sowatsyzlygy ýok etmek maksady bilen, 2003-nji ýylda Awstraliýada döredildi.