SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Marsy koloniýalaşdyrmak boýunça uly meýilnamasyny hödürledi. Tanyşdyrylyşda çykyş etmek bilen, milliarder kompaniýanyň Gyzyl planeta 20 ýylda bir million töweregi adam iberjekdigini aýtdy. Bu meýilnamanyň esasy elementi täze nesliň Raptor hereketlendirijisi bilen üpjün edilen ägirt Starship 3 raketasy bolar. Ol bortunda 200 tonna çenli ýük göterip biler, bu hem SpaceX-iň uçuş çykdajylaryny ep-esli azaltmagyna mümkinçilik berer. Maskyň aýtmagyna görä, Starship 3 kompaniýa 2-3 mln dollara düşer, bu Falcon 1-iň uçurylyş bahasyndan birnäçe esse azdyr. “Bu akyla sygmajak sanlar. Hiç kim hiç haçan munuň mümkin boljakdygyny pikir etmedi. Şol bir wagtyň özünde, biz bellenilen maksatlara ýetmek üçin fizikanyň kanunlaryny bozmaly bolmarys” diýip, Mask belledi. Onuň çykyşynyň ýazgysy YouTube-da we SpaceX-iň X akkauntynda elýeterlidir. SpaceX-iň ýolbaşçysy kosmos gämileriniň Marsa, takmynan, her iki ýyldan iberilmegini isleýär. Bu kolonizatorlary resurslar we Ýere dolanmak mümkinçiligi bilen üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde, Mask täze ýetişen marslylaryň köpüsi Gyzyl planetada hemişelik galar diýip pikir edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir