Haýao Miýadzakiniň “Oglan we guş” multfilmi dünýä prokatynda resmi taýdan 200 mln dollardan gowrak girdeji ýygnady. Bu kartinanyň Hytaýdaky rekord görkezijileri – ilkinji uik-endde 73 mln dollar gazanmagy bilen mümkin boldy. Bu barada film.ru belleýär. Hytaý multfilmi görkezýän soňky sebit boldy. Ilkinji bäş günde taslama Ýaponiýadaky (60,7 mln dollar) we Demirgazyk Amerikadaky (46 mln dollar) görkezijilerinden geçmegi başardy. Umumy mukdar 273,1 mln dollar boldy. Bu Miýadzakiniň karýerasynda “Ruhlar bilen äkidilen” multfilminden (357,5 mln dollar) soň ikinji iň girdejili filmdir. “Oglan we guş” iýul aýynda ilkinji gezek hödürlendi. Ol Ikinji jahan urşunda ejesini ýitirýän ýetginjek Mahito barada gürrüň berýär. Kakasynyň ýanyna göçüp gelenden soň, gahryman jadyly bir galany tapýar, bu ýerde onuň ejesi henizem diri. Multfilm “Oskar”, “Altyn globus” we BAFTA baýraklaryny aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir