Google kompaniýasy Jpegli atly täze kodlaýyş kitaphanasyny yglan etdi. Has az ýer tutmek bilen, şekiliň gowulaşdyrylan öndürijiligini we hilini üpjün edýär. Jpegli adaty JPEG standarty, şol sanda 8 bitli format, libjpeg-turbo we MozJPEG bilen doly laýyk gelýär. Google-yň berýän maglumatlaryna görä, şekilleri gysmak we açmak üçin Jpegli-ni peýdalanmak durulygyň gowulaşmagyna we artefaktlaryň azalmagyna getirýär, kodlamagyň tizligi bolsa bar bolan çözgütler bilen gabat gelýär, bu bolsa işläp düzüjilere öndürijiligini ýitirmezden, Jpegli-ni oraşdyrmaga mümkinçilik berýär. Jpegli her bir komponent üçin 10 bite çenli kodlamagy goldaýar, adaty kodekleriň 8 bitli çäklendirmelerinden ýokary bolup, şekiliň has täsirli gysylmagyny üpjün edýär, geçiriş trafigini tygşytlaýar we web sahypalaryny has çalt ýükleýär. Google Jpegli-niň JPEG XL-däki kwantlamagyň uýgunlaşdyrylan ewristikasy, kwantlamagyň matrisasynyň kämilleşdirilen görnüşleri hem-de giňeldilen reňk giňişligini ulanmak ýaly sesleri azaltmak we şekiliň hilini gowulandyrmak üçin öňdebaryjy usullary öz içine alýandygyny nygtaýar. Mundan başga-da, Jpegli ýokary hilli şekilleri nusgawy JPEG kodekleri bilen deňeşdirilende, 35% has täsirli gysyp bilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir