Ýaponiýada täzelenen Toyota Crown krossoweriniň satuwy başlandy diýip, “Awtonowosti dnýa” habar berýär. Esasy täze önümleriň biri Crown Crossover RS “Landscape” wersiýasy bolup, onuň klirensi 25 mm (235 mm çenli) ýokarlanan, ol üýtgeşik reňkli kuzowy (tutuksy gara elementli goňras ýaşyl), wnedorožnige mahsus obweskaly açyk gyzyl palçykdan goraýjysy, arkalaryndaky gorag nakladkasy we depesinde ýerleşýän ýükdany bilen tapawutlanýar. Komplektasiýasyna garamazdan, Crown beýleki Toyota modellerinden (Camry, Highlander, RAV4, Venza) tanyş bolan TNGA-K platformasynda gurlan. Kapotyň astynda 2,4 litrlik benzinli hereketlendirijisi bolan gibrid güýç gurluşy bar. Ýaponiýada täzelenen Crown-yň bahasy binýatlyk model üçin 29 müň dollardan başlaýar. RS “Landscape” wersiýasynyň bahasy azyndan 44 000 dollar bolar.