Angliýanyň Mersisaýd graflygyndan 111 ýaşly Jon Tinniswud dünýäde häzir ýaşaýan erkekleriň arasynda iň garry adam boldy. 5-nji aprelde Ginnesiň rekordlar kitaby oňa bu statusy tassyklaýan resmi şahadatnamany gowşurdy. Bu barada BBC habar berýär. Tinniswud uzak ýaşamagynyň syryny anna günleri adaty britan tagamynyň – gowrulan ýeralmaly balygyň yzygiderli iýilmegi, şeýle-de ýaşlygynda pyýada gezelençlerine bolan söýgüsi bilen baglanyşdyrýar. Ol “aňy türgenleşdirmegi” we ähli zatda “aramlyk” görkezmegi maslahat berýär. Häzirki wagtda Tinniswud Sautport şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýar. Ýatlap geçsek, dünýäde iň garry erkek adam adynyň öňki eýesi, Wenesueladan Huan Wisente Peres Mora 2-nji aprelde 114 ýaşynda aradan çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir