“Dýunanyň” režissýory Deni Wilnýow täze taslama bilen meşgullanar. Ol žurnalist Enni Ýakobseniň “Ýadro urşy: Ssenariýalar” non-fikşnini ekranlaşdyrar. Bu barada film.ru habar berýär. Filmiň üstünde Legendary studiýasy işleýär. Wilnýowyň “Dýuna: Messiýany” surata düşürip bolandan soň işe girişmegine garaşylýar. Sýužet dünýäde ýadro urşunyň başlanmagy üçin dürli sebäpler we mümkin bolan netijeler barada gürrüň berer. Filmiň çykjak senesi we aktýorlar düzümi belli däl. Wilnýow müsürli şa zenan Kleopatra baradaky baýopigiň hem-de Artur Klarkyň “Rama bilen duşuşyk” saý-faýynyň adaptasiýasynyň üstünde hem işleýär. Öň, biz “Dýuna 2” filminiň dünýä prokatynda girdeji ýygymynyň 620 milliondan geçendigini habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir