Samsung kompaniýasy çagalara niýetlenen Galaxy Tab A9 Kids Edition planşetini hödürledi. GSMArena portalynyň berýän habaryna görä, täze önümde asyl Galaxy Tab A9-yň ýere gaçan ýagdaýynda enjamyň howpsuzlygyny üpjün edýän gorag gabynyň üýtgän modifikasiýasy bar. Planşet 8,7 dýuýmlyk ekran (1340x800 piksel), MediaTek Helio G99 çipset, 4 GB RAM, 8 MP-lik esasy kamera, 2 MP-lik öň kamera we 5100 mAh göwrümli akkumulýator bilen enjamlaşdyrylandyr. Galaxy Tab A9 Kids Edition-yň esasy aýratynlygy onda bilim beriji programmalaryň we çagalaryň ösüşine gönükdirilen beýleki hyzmatlaryň bolmagydyr. Samsung Kids-iň programma üpjünçiligi ene-atalara çagalary üçin profil döretmäge, aýratynlyklara we amaly programmalara girişi sazlamaga, internetiň ulanyş wagtyny çäklendirmäge we onlaýn işjeňligi yzarlamaga mümkinçilik berýär. Planşet eýýäm Malaýziýada we Indoneziýada 800 malaziýa ringgiti bahasyndan (takmynan 168 dollar) elýeter.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir