“Ýewrowideniýäniň” guramaçylary TikTok-yň bu aýdym-saz bäsleşiginiň yzygider üçünji ýyl resmi güýmenje hyzmatdaşy boljakdygyny habar berdiler. Bu barada bäsleşigiň saýtyna salgylanyp, life.liga.net belleýär. “Her ýyl TikTok jemgyýeti bu aýdym-saz we medeniýet baýramçylygyna goşulyp, söýgüli aýdymçylardan ylham alyp, dünýä ýüzüne ýaýraýan Ýewrowideniýe trendlerini döredýär. Eýýäm #Eurovision heştegli 589 000-den gowrak post bar we 2024-nji ýyl jemgyýeti bäsleşige öňküsinden has ýakynlaşdyrmaly” diýip, guramaçylar ýazýar. Aýdym-saz bäsleşigini döredijileriň belleýşi ýaly, TikTok – bu “Ýewrowideniýe” bilen baglanyşykly ähli zady tapyp boljak ýer. Şeýle-de, saýtda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň Şwesiýanyň Malmýo şäherinde geçiriljekdigi bellenilýär. 7-nji maýda ilkinji ýarym final, 9-njy maýda ikinji ýarym final geçiriler, 11-nji maýda 2024-nji ýylyň bäsleşiginiň ýeňijisi yglan ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir