Dünýäde iň meşhur kofe görnüşleriniň biri bolan robusta kofesiniň bahasy 2008-nji ýyldan bäri rekord derejä ýetdi. Bu barada Bloomberg-e salgylanyp, “Snob” ýazýar. Londonda geçirilen söwdanyň dowamynda kofe üçin şertnamalar 4,8% gymmatlady: bir tonna önümiň bahasy tas 4 müň dollara ýetdi. Bahanyň ýokarlanmagynyň sebäbi robusta kofesini öndürýän Wýetnamda adatdan daşary yssy howa sebäpli kofe ýetmezçiligi bilen baglanyşykly heder etmelerdir. Wýetnam dünýäde ikinji uly kofe üpjün edijisidir. Bu ýerde fermerler hasylyň azalmagyna getirip biljek suw ýetmezçiliginiň bolmagyna garaşýarlar. 2023-nji ýylda hem hünärmenler kofeniň gurakçylyk sebäpli gymmatlajakdygy barada duýdurdylar, ýöne şonda gürrüň kofeniň önümçilik möçberi boýunça dünýäde ilkinji ýurt bolan Braziliýada hasyl üçin suw ýetmezçiligi barada boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir