Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos Günorta Floridada üçünji jaýyny satyn alýar. Bloomberg-iň habar bermegine görä, emlägiň bahasy 90 mln dollara barabar. Gyzykly ýeri, bu jaý soňky eýesine, öňki bankçy Hawýer Holsa 1998-nji ýylda 2,5 mln dollara satyldy. Bezos eýýäm Sietlden Maýamä göçýändigini mälim etdi. Mundan öň hem Bezos Floridada, “Milliarderler bunkeri” ady bilen belli bolan adada iki öý satyn aldy. Ol bular üçin, umumylykda, 147 mln dollar töledi. Bu adanyň beýleki ýaşaýjylarynyň arasynda ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Trampyň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy, amerikaly işewür Jared Kuşner we başga-da ABŞ-nyň birnäçe baý ýaşaýjysy bar. Floridadaky jaýlaryndan başga-da, Bezosyň Waşingtonda, Mauide emlägi we Bewerli-Hillzde 2020-nji ýylda 165 mln dollara satyn alan aýratyn jaýy bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir