Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde amal girdejisiniň on esse ýokarlanandygyny habar berdi. Kompaniýanyň baha bermegine görä, girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 931% köpelip, 4,89 milliard dollar boldy diýip, Reuters ýazýar. Girdejiniň ösüşi çip bahalarynyň, güýçli aşak düşmeden soň, ýene öňki kaddyna gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu emeli aňyň ösmegi bilen serwerlere we agzalan çipleri ulanýan beýleki enjamlara bolan islegi artdyrýar. Samsung-yň birinji çärýekdäki girdejisi 11 göterim ýokarlap, 71 trillion won boldy, bu seljerijileriň çaklamasyndan biraz pesdir. 2023-nji ýylda Samsung-yň 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek smartfon bazarynda öňdebaryjylygyny Apple-e berendigini ýatladýarys. CES 2024-de sergisinde Samsung dünýäde ilkinji dury MicroLED ekrany bilen tanyşdyrdy. Bu tehnologiýa displeý pudagy üçin öwrülişik bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir