Samarkant "2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty" adynyň gowşurylmagy barada şahadatnama aldy. Programmanyň açylyş dabarasy Hamid Alimjan adyndaky Samarkandyň sebit sazly drama teatrynda geçirildi. 2024-nji ýylda Samarkant şäheri GDA ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň üns merkezine öwrüler. Programmanyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary, gastrollar, alymlaryň we türgenleriň çykyşlary, wersinažlar we sergiler meýilleşdirilýär. Samarkant GDA-nyň medeni paýtagty estafetasyny Sankt-Peterburgdan kabul etdi. "Arkalaşygyň medeni paýtagtlary" programmasy 2010-njy ýyldan bäri durmuşa geçirilýär, her ýyl bu hormatly at GDA şäherleriniň birine berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir