BMW konserni we Tata hindi konserniniň tehnologiýa bölümi, awtonom sürüliş ulgamyny goşmak bilen, awtoulaglar üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlajak bilelikdäki kärhananyň (BK) döredilendigini mälim etdi diýip, auto.ru habar berýär. BK Hindistanyň dürli üç şäherinde ýerleşer. Birinji etapda oňa 100 töweregi hindi inženerini işe alarlar. Geljekde işgärleriň sanyny 1000 adama çenli köpeltmek meýilleşdirilýär. Awtopilotlardan başga-da, bilelikdäki kärhana onlaýn hyzmatlar, şeýle hem awtoulag pudagynda işewürlik proseslerini awtomatlaşdyrmak üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlar. Bilelikdäki kärhananyň döredilmegi BMW-ä eýýäm Germaniýada, ABŞ-da, Günorta Afrikada, Portugaliýada, Hytaýda we beýleki ýurtlarda işleýän IT merkezleriniň ulgamyny giňeltmäge mümkinçilik berer. BMW-niň flagman 7 Series sedany üçin eýýäm 3-nji derejeli ýarym awtonom hereketlendiriji ulgamyny bildiriş edendigini bellemelidiris.