Niderlandlardaky Maks Plankyň psiholingwistika institutynyň alymlary näme üçin adamlaryň ep-esli böleginiň çepbekeýdiginiň sebäbini kesgitlediler. Nature žurnalynda neşir edilen bu gözleg beýik britaniýaly 350 müň adamyň, şolardan 38 müňüsi çepbekeý bolan ynsanlaryň maglumatlarynyň derňewine esaslanýar. Bütin dünýäde adamlaryň, takmynan, 10% -niň çepbekeý bolup dogulýandygy mälimdir. Adamlaryň aglabasynyň kelle beýnisiniň çep ýarym şary has ösen bolýar, hut şol hem işjeň sag eli dolandyrýar. Şeýle-de bolsa, her onunjy adamda bu ýagdaý tersinedir - sag ýarym şaryň işjeň bolmagy olary çepbekeý edýär. Ýaňy-ýakyna çenli beýniniň şeýle asimmetrik ösmeginiň sebäbi düşnüksizdi. Täze gözlegler bu syryň TUBB4B geninde gizlenýändigini görkezdi. Alymlaryň sözlerine görä, bu gen içerki öýjük gurluşyny kesgitleýän mikroturbajyklara birleşýän belok üçin jogapkärdir. TUBB4B-de mutasiýa saglakaýlarda däl-de, çepbekeýleriň arasynda has ýygy duş gelýär. Gözlegçiler çepbekeýler bilen psihiki gyşarmalaryň arasynda baglanyşygyň bardygyny bellediler. Şeýlelik bilen, saglakaýlar bilen deňeşdirilende, çepbekeýleriň arasynda şizofreniýadan ejir çekýänler iki esse we autizmli adamlar üç esse köp.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir