Satuwy 28-nji martda başlanan Xiaomi SU7 elektrik sedany eýýäm 100 000 sany sargyt aldy. CarNewsChina portalyna salgylanýan auto.ru-nyň habar bermegine, bu mukdar kompaniýanyň zawodyny 18 aý öňünden iş ýüküni ýetirmek üçin ýeterlikdir. Aprel aýynda Xiaomi aýda 4000-5000 SU7 elektrik ulagyny ýygnap biler, emma kompaniýa ýylyň ahyryna çenli önümçiligi 6000 birlige ýetirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda önümçiligiň depgini - günde 300 awtoulag. SU7-niň satuwy başlanandan soň Xiaomi-niň paýnamalary birden ýokarlandy. Gonkong-yň biržasyndaky söwdalaşyklar wagtynda olaryň bahasy 16% gymmatlady. Xiaomi SU7-iň esasy wersiýasy 299 at güýji bolan bir elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr we 216 müň ýuan (29,8 müň dollar) bahasy bardyr. Jemi 673 at güýji bolan iki hereketlendirijili iň gymmat modifikasiýasynyň bahasy 300 müň ýuan (41,4 müň dollar). Elektrik ulagynyň ýöreýiş ätiýaçlygy, batareýasyna baglylykda 700-den 830 kilometre çenli. Hünärmenler Xiaomi SU7-iň satuwy dünýäde iň köp satylýan Tesla Model 3-iň derejesinde bolar diýip çaklaýarlar.