“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň dördünji tapgyry bolan Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş “Sudzuka” awtodromynda geçirildi. Ikinji orny onuň topardaşy meksikaly Serhio Peres eýeledi. Liderleriň üçlügini “Ferrariniň” ispaniýaly sürüjisi Karlos Saýns jemledi. “Formula-1-iň” indiki tapgyry 19 – 21-nji aprelde Hytaýda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir