23 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Maksat Meredow Phuketde (Tailand) geçirilýän dünýä Kubogy 2024-üň kümüş medalynyň eýesi boldy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasynyň saýtynda habar berilýär. 81 kg çenli agram derejesinde Meredow silterläp götermekde 146 kg, itekläp götermekde 182 kg netijäni görkezip, iki milli rekordy täzeledi. Iki görnüşli ýaryşyň netijesinde 328 kg görkeziji bilen ol kanadaly Samuel Guertinden öňe geçip, KHDR-nyň wekili Ri Çong Songdan bolsa yza galyp, kümüş medal gazandy. Bu häzirki agram derejede Meredowyň karýerasynda iň gowy netijedir. Agyr atletika boýunça dünýä Kubogy 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary üçin saýlama tapgyrlarynyň jemleýjisidir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir