7-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan sowgatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy. «Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde ýurdumyzyň türgenleriniň üstünlikleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda abraýly halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda dabaraly ýagdaýda 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda geçirilen halkara ýaryşlarda altyn medallary gazanan türgenlere Serdar Berdimuhamedowyň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 25-nji fewral — 8-nji mart aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň adyndan mynasyp wekilçilik eden türgenler ilkinji bolup sahna çagyrylýar. Para-pauerlifting daýanç-hereket ulgamlaryndan ejir çekýän türgenler üçin niýetlenen sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar. 7 — 10-njy fewralda Minsk şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky, şeýle hem 21 — 24-nji martda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. 29-njy fewral — 3-nji mart aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde taekwondo (ITF) boýunça guralan halkara ýaryşda hem köp sanly medallar gazanyldy. 5 — 19-njy ýanwar aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynyň saýlama ýaryşlarynda ýurdumyzyň türgeni altyn medala mynasyp boldy. Türkmen türgenleri başa-baş söweş sungatynyň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Türgenlerimiz 4 — 7-nji ýanwarda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda, 2 — 12-nji mart aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Iwanowo şäherinde geçirilen fudokan karate boýunça Açyk dünýä çempionatynda baýrakly orunlary eýelediler. 31-nji ýanwar — 3-nji fewral aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde boks boýunça geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp bolan türgenimiz aýratyn öwgä mynasypdyr. Şol gün Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda halkara ýaryşlarda ikinji we üçünji baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir