Kliniki synaglar oňurga ýiligi şikes alandan soň, sütün öýjükleriniň onuň işini dikeltmäge kömek edip biljekdigini görkezdi. Bu barada Nature žurnalynyň makalasynda aýdylýar. Meýo klinikasynda geçirilen kliniki synagyň birinji tapgyry, oňurga ýiliginiň şikesini bejermek üçin sütün öýjükleri terapiýasynyň howpsuzdygyny we netijelidigini görkezdi. Bu gözlege gatnaşan 10 hassanyň 7-sinde el-aýaklaryň duýgurlygy we hereket funksiýalary gowulaşdy. Sütün öýjükleri hassalaryň öz ýag dokumasyndan - garyndan ýa-da butdan kesilip alyndy. Dört hepdäniň dowamynda öýjükler iýmitlendirilip köpeldildi, şondan soň her näsagyň bil oňurgasyna 100 million sütün öýjüklerinden ybarat sanjym edildi. Gözlegiň dowamynda alymlar bejergiden hiç hili zyýanly täsir tapmadylar. MRT we oňurga ýiliginden alnan suwuklygyň derňewi oňyn üýtgeşmeleri görkezdi. Oňurga ýiliginiň özüni bejermek ukyby çäklidir, şonuň üçin bu usul şikesleri bejermekde edilen uly ädimdir. Aýratynam, boýunoňurgasy şikes alan iki hassanyň şikes alandan 22 aý geçensoň alan bejergisiniň gowy netije berendigi hasam gyzyklydyr. Sütün öýjükleriniň oňurga ýiligine täsir ediş mehanizmi entek doly öwrenilmedik hem bolsa, gözlegiň netijeleri agyr zeper ýeten adamlara umyt döredýär. Geljekde alymlar has köp hassany we plasebo alýan gözegçilikdäki topary öz içine aljak synaglaryň ikinji tapgyryny geçirmegi meýilleşdirýärler.