Angliýada tapylan iň uly altyn bölegini auksionda satyp bilmediler. Bu barada Bi-bi-si salgylanyp, RBK habar berýär. Onuň agramy 64,8 g barabar. Ol 40 müň funt sterling bilen bahalandyryldy, ýöne auksionyň dowamynda nyrhlar bary-ýogy 12 müň funt sterlinge çenli ýokarlandy. Auksionçy Ben Jonsyň aýtmagyna görä, mümkin alyjylar bilen gepleşikleriň dowamynda bahany ýokarlandyrmaga synanyşylar. “Islegiň artjakdygyna ynanýaryn. Adatça, söwdadan soň şeýle bolýar” – diýip, Jons belleýär. Bu altyn bölegini Şropşir graflygynyň oba hojalyk ýerlerinde geçirilen gözleg ekspedisiýasynyň dowamynda Somersetden (Angliýada bir graflyk) 67 ýaşly Riçard Brok tapdy. Ol gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ilki bilen çadyrlar üçin birnäçe poslan köne gazyklary tapdy. Brok altyn bölegini 20 minutdan soň gördi. Ol ýeriň astynda 13-15 sm çuňlukda ýerleşen eken. Jenap Brok altynyň satuwyndan alnan girdejini gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýeriniň eýesi bilen paýlaşmagy göz öňünde tutdy. Riçard Brokyň tapyndysyndan öň, Angliýada tapylan iň uly altyn bölegi 54 g agramdady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir