"Matrisanyň" dowamy çykar: Warner Bros. studiýasy franşizanyň bäşinji bölüminiň üstünde işlenip başlandygyny resmi taýdan mälim etdi diýip, Variety habar berýär. Filme ““El Roýal” myhmanhasynda gowy zat ýok” we “Tokaýdaky kepbe” filmleri bilen tanalýan Drýu Goddard režissýorlyk eder. Trilogiýanyň asyl nusgasyny döreden Lana Waçowski filmiň düşürilişine gönüden-göni gatnaşmaz, ýöne prodýuser hökmünde çykyş eder. Edebi esasyny hem Drýu Goddard ýazar. Bu Lana we Lilli Waçowskileriň önümçilige gönüden-göni gatnaşmaýan “Matrisa” seriýasyndaky ilkinji filmdir. Sýužetiň jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi. Kianu Riwziň (Neo) we Kerri-Enn Mossyň (Triniti) öz keşplerinde indi oýnajagy-oýnamajagy heniz belli däl. “Matrisa 5” sikwel, spin-off bolubam ýa-da kino älemine düýbünden täze garaýşy getiribem biler. Warner Bros. bäşinji bölegiň “Matrisanyň" dünýäsini giňeltjekdigini, ýöne asyl nusgasyna wepaly bolup galjakdygyny mälim etdi. Birinji “Matrisa” filmi 1999-njy ýylda çykdy we giň köpçüligiň filmine öwrüldi. 2003-nji ýylda onuň “Täzeden ýükleýiş” we “Rewolýusiýa” ýaly sikwelleri çykdy. “Matrisa: Direliş” atly dördünji bölümi 2021-nji ýylda çykdy we kassa ýygymynda şowsuz boldy. “Matrisanyň" bäşinji bölüminiň surata düşürilip başlanjak senesi, möhletleri we ilkinji görkezilişiniň haçan boljakdygy entek aýan edilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir