Aziýanyň çarşenbe günündäki söwdasy altynyň bahasy boýunça täze rekord goýdy. Gymmat bahaly metalyň bir unsiýasy 2306,25 dollara ýetdi. Çarşenbe güni Çikago söwda biržasynda (CME) iýun altyn şertnamasynyň bahasy 1,18% ýokarlanyp, bir unsiýasy 2308,8 dollar boldy. Bu taryhda iň ýokary dereje boldy. Gymmat bahaly metalyň bahasy yzygider ýedi gün bäri ýokarlanmagyny dowam edýär. Investing.com-yň belleýşi ýaly, muňa birnäçe faktor täsirini ýetirdi, şolaryň biri-de Taýwanda çip önümçiligine täsir edip, “ygtybarly” aktiwlere islegiň artmagyna sebäp bolan güýçli ýer titremesidir. Şeýle hem, ABŞ-nyň Merkezi Bankynyň ýolbaşçylarynyň durnukly hümmetsizlenme we ABŞ-da zähmet bazarynyň berkemegi bilen bagly göterim mukdaryny peseltmek boýunca meýilnamalarynyň yza süýşürilmeginiň mümkindigi baradaky teswirleri maýa goýujylary altyn almaga iterdi. ABŞ-nyň Gazna girdejisiniň ýokarlanandygyna garamazdan, ABŞ-nyň dollary 4,5 aýlyk ýokary bolanlygyndan yza çekildi, şeýlelikde, altyn ABŞ-ly bolmadyk maýadarlar üçin has özüne çekiji boldy. “Ygtybarly” aktiwlere bolan islegiň platina bilen kümüşe-de täsir edendigi bellenýär. Platina üçin fýuçers 0,3%, kümüş üçin fýuçers bolsa 2,2% ýokarlandy. Misiň bahasy esasy mis import ediji Hytaýdan gelen oňyn PMI maglumatlarynyň fonunda ýokarlandy. Seljerijiler ýakyn wagtda altynyň bahasynyň ýokary galjakdygyny çaklaýarlar, ýöne ondan soňky dinamika ABŞ-daky hümmetsizlenme maglumatlaryna, geosyýasy ýagdaýa we Federal ätiýaçlyk bankynyň hereketlerine bagly bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir