Rafael Nadal Monte Karloda geçiriljek Masters ýaryşyna gatnaşmaz. Ispaniýaly tennisçi bu barada sosial ulgamlarda habar berdi. «Bu ýaryşlary sypdyrmak meniň üçin nähili kyndygyny göz öňüne-de getirip bilmersiňiz... Bedenim maňa rugsat bermeýär» diýip, dünýäniň ozalky birinji raketkasy ýazdy. Şeýle hem Nadal janköýerlere beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi we beýleki ýaryşlarda oýnamak üçin işlemegini dowam etdirjekdigini aýtdy. Monte-Karloda geçiriljek ýaryş 7-nji aprelde başlar. Oýunlar toprak meýdançada geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir