enanlaryň tennis birleşiginiň Jemleýji ýaryşynyň geljekki üç oýny Er-Riýadda geçiriler. Bu barada WTA-nyň metbugat gullugy habar berdi. Saud Arabystanynyň paýtagtyndaky ýaryşlar 2024, 2025 we 2026-njy ýyllarda geçiriler. Häzirki möwsümiň jemleýji ýaryşlary 2-nji noýabrda başlar. 2023-nji ýylda Jemleýji ýaryşda ýekelikde polşaly Iga Swentek ýeňiji boldy. Jübütleýin tapgyrda bolsa russiýaly Wera Zwonarewa we germaniýaly Laura Zigemund ýeňiji boldular. Bäsleşik Meksikanyň Kankun şäherinde geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir