Ilat arasynda tas nakyla öwrülen bu degişmäniň her dürli aýdylyşy bar. «Obamyza 'Howo' geldi, 'Kamazlarymyz' toba geldi», «'Howo' geldi oba, 'Kamaz' geldi toba» hem diýilýär. «Howo» ýük maşyny türkmenleriň durmuşyna belli bir derejede öz täsirini ýetirip bildi. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, ýurt gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Äpet gurluşyk desgalary diňe bir paýtagtda däl, eýsem her bir welaýatda alnyp barylýar. Bu gün gurluşyk işleriniň gidýän ýerlerine ýük daşaýan awtoulaglara syn edeniňde garynjalaryň hereketi biygtyýar ýadyňa düşýär. Gurluşyklaryň esasy bölegi Aşgabatda alnyp barlansoň, paýtagtyň köçelerinde gatnaýan äpet ýük ulaglaryna her ädimde duşmak bolýar. Olaryň arasynda «KamAZ» hem bar, «MAZ» hem bar. Ýöne, has köprägi Hytaýda öndürilen «Howo» maşynlarydyr. Bu maşynlaryň daş keşbi hem beýleki ýük daşaýjy ulaglardan haýbatly. «Howo» has kuwwatly Hytaýyň «Sinotruk Howo» korporasiýasy tarapyndan öndürilýän bu ulaglaryň kuzowasy 28 kub metre barabar bolup, onuň ýük göterijilik kuwwaty 45 tonnadyr. Eger Orsýetiň «KamAZlary» ortaça 15 tonna, Belarusyň «MAZlary» 20 tonna ýük göterýän bolsa, «Howonyň» kuwwatynyň nähilidigi derejede ýokarydygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Türkmenistanda Hytaýdan getirilýän bu äpet ulaglaryň aglabasy hususydyr. Ulaglaryň bahasy ortaça 60 müň amerikan dollary. «Howonyň» bahasynyň şeýle ýokarydygyna garamazdan, bu äpet ýük ulagyny ikiden, üçden, hatda bäş-altydan saklaýan adamlar hem bar. Olar bu ulaglary kärendesine berip, pul alýarlar. «Howo» ulaglaryny kärendesine alyp, gurluşyk firmalary üçin ýük çekýänler ortaça 500 amerikan dollaryny alýarlar. Bu ulagy özi satyn alyp, ýük çekýänleriň bolsa bir aýda ortaça iki müň, iki ýarym müň amerikan dollaryny gazanmagy başarýandyklaryny aýdýarlar. Gurluşyk desgalaryna ýük çekmek potrat görnüşinde bolansoň, iş haky hem çekýän ýüküňe bagly bolup durýar. Näçe köp ýük çekdigiňçe, şonça-da girdejiň artmak bilen bolýar. Şonuň üçin «Howo» ulagy beýleki ýük daşaýjy ulaglara garanyňda düşewündi köp getirýän ulagdyr. «Howonyň» ýük göterijiliginiň ony öndürýän kärhana tarapyndan 45 tonna diýlip kesgitlenendigine garamazdan, ulag eýeleri bu maşynlara 10-15 tonna gereginden artyk ýüki urdurýarlar. Ýüküň gereginden artyk urulmagy ulaglary tiz hatardan çykarýar.

Köneler, arkadagly tarapyndan 13 years ago
    anakkondaa 13 years ago
  • analkonda, saňa diýýän, näme jogap bereňok?



    ohhho! pih-pah dostum, geldiňmay. seni gözläp, gözläp, yslam aga tarapyndan bäş gezek kowuldym. nähili onsoň gandon jan. meni tanadyňmy? men seň agzyňa siken garapişik.
    Anakonda 13 years ago
  • Arkadagly!
    Jogap berdarow?!
    idealman 13 years ago
  • arkadag berekella!gyzykly maglumatlar!bolsa-da,hytaýyñ ýük ma$ynlarynda derek bar ekenoow...ýogsam olam ýolda barýarka bölek-büçek bolsa näili bolardaý:):):)
    Muli 13 years ago
  • aydylanlar, erteka yakynrak!
    Muli 13 years ago
  • arkadagly ondamam sen tm-da bolup gecyan gowurak habarlary barik copy past etsene sholar has gyzykly bolayjak yaly ;)
    betyigit 13 years ago
  • www.azathabar.com dan gylyny gymyllatman cope-paste edilen.ol yerdakileng 100 de 99yalan hemme zada ynanmalyng doganlar
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri