Aliexpress bazarynyň eýesi Alibaba Group we Hytaýyň Space Epoch kosmos kompaniýasy bir sagadyň içinde dünýäniň islendik ýerine haryt ýetirip biljek gaýtadan ulanylýan raketanyň taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge başladylar diýip, Reuters-e salgylanýan RBK habar berýär. Taslama ösüşiň başlangyç döwründe. Space Epoch-yň Yuanxing-1-ine esaslanan raketa göwrümi 120 kub metrlik gapda 10 tonna çenli ýük göterip biler. Space Epoch bu raketa üçin hereketlendirijini eýýäm üstünlikli synagdan geçirdi, ýöne kompaniýa gysga möhletde taslamany durmuşa geçirmegiň aňsat bolmajakdygyny belleýär. Ilon Maskyň SpaceX-niň hem gaýtadan ulanylýan raketalary ösdürýändigini bellemelidiris. 2024-nji ýylyň 4-nji martynda gaýtadan ulanylýan Crew Dragon kosmos gämisi SpaceX-iň Falcon-8 raketasynda HKS-a uçuryldy. SpaceX Starship kosmiki gämisi bilen birlikde gaýtadan ulanylýan SuperHeavy raketasyny hem öndürýär. Ol ekipažy we ýükleri Ýeriň pes orbitasyna, Aýa we Marsa eltip bermek üçin döredilen dünýäniň iň güýçli raketa göterijisi bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir