Kornell uniwersitetiniň alymlary hakyky gulakdan asla tapawutlanmaýan 3D gulak transplantatlaryny çap etmegiň usulyny oýlap tapdylar. Science Direct-e salgylanýan Hi-Tech-iň habar bermegine görä, bu ýasama gulaklary dogabitdi gulak kemçiligi bilen doglan ýa-da gulak ýelkenine şikes ýeten adamlar ulanyp biler. Transplantatlar 3D printerinde çap edilen plastmassa karkaslara ýerleşdirilen sterilizasiýa edilen haýwan kekirdewüginden ýasalýar. Karkas hassanyň gulagynyň şekilinde bolup, onuň anatomiki aýratynlyklaryna takyk laýyk gelýär. Kekirdewük täze dokumalaryň döremegine itergi berýär, netijede birnäçe aýyň içinde doly bahaly gulak ýelkeni döreýär. Synaglar emeli gulaklaryň adam kekirdewügine meňzeş çeýelige we maýyşgaklyga eýedigini görkezdi. Ýeke-täk kemçiligi – berkligi pes. Bu meseläni çözmek üçin alymlar kekirdewük garyndysyna kekirdewügi has berk etjek elastini bölüp çykarýan öýjüklere hondrositleri goşmagy meýilleşdirýärler. Täze tehnologiýa, köplenç, rekonstruktiw gulak operasiýasynda ulanylýan gapyrgalardan kekirdewügi ýygnamak üçin inwaziw proseduralardan gaça durmaga mümkinçilik berer. Gulak transplantatlarynyň 3D çap edilmegi gulak kemçiligi bolan adamlar üçin has ygtybarly we has täsirli bejeriş usulyna öwrüler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir