26-27-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýurduň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin “CyberHack” atly onlaýn Hakaton bäsleşigini geçirer. Hakatonyň temasy – “Sanly gurşawda maglumatlary goramagyň kriptografiki usullaryny programmalaýyn durmuşa geçirmek”. Bäsleşik şu maksatlar bilen geçirilýär: Maglumatlary goramak üçin täze programma üpjünçiliklerini döretmek we bar bolan programma üpjünçilikleriniň işjeňligini ýokarlandyrmak; Geljekki hünärmenleriň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak; Täze pikirleri we sanly çözgütleri döretmäge we durmuşa geçirmäge ukyply hünärmenleri terbiýelemek. Hakaton bäsleşigine her okuw mekdebinden 3 adamdan ybarat topar gatnaşyp bilýär. Emin agzalary şulara baha berer: Talyplaryň iş usullaryna; Tehnologiki sowatlylyga; Işiň ýerine ýetirilişiniň öz wagtynda we dogry bolmagyna; Meseläni çözmegiň netijeliligine; Saýlanyp alnan programmirleme diline; Açyk koduň barlygyna we göwrümine; Programma üpjünçiliginiň maksada gönükdirilenligine, düşnükliligine we ulanmakda ýönekeýligine; Tanyşdyrylyşyň hiline. Hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar. Gatnaşmak üçin 10-njy aprele çenli görkezilen elektron salgysyna arza ibermeli: tdei@tdei.edu.tm ýa-da abdyyewjuma@gmail.com.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir