Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” Aşgabat şäherinde telekeçiler üçin täze "Telekeçilikde gümrük işleriniň esaslary” hünär okuwyny guraýar. 12 sagatlyk bu hünär okuwynyň (seminaryň) diňleýjileri: - Türkmenistanda telekeçilikde gümrük işlerine degişli kada-kanun üpjünçiligi; - Gümrük kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar; - gümrük işlerindäki täzelikler; - daşary söwdany ösdürmekde ykdysady-gümrük düzgünleri; - gümrük tölegleri we ş.m. barada bilim alarlar. Hünär okuwy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň ýokary hünärli, tejribeli mugallymlary tarapyndan alnyp barlar. TSTB-niň “Telekeçiler mekdebinde” telekeçilikde gümrük işleriniň esaslaryndan başga-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ygtyýarnamalandyrylan şu aşakdaky okuwlar guralýar: - Buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň esaslary. - 1C buhgalter hasaby. - Işgär iş dolandyryjylyk we arhiw işi. - 1C programma boýunça işgärleri dolandyrmak (kadr). - Gid-terjimeçi. - Kompýuter sowatlylygy – I, II, III dereje. - Topograf (elektron tahometrleri we niwelirleri gurluşyk ulgamynda ulanmak). - Sanly marketing we sanly mahabat. Hünär okuwyny üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnama berler. Hasaba almak we goşmaça maglumatlar üçin telefon belgisi: +99312 22-88-38; 22-71-37 (Aşgabat şäheri).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir