Şu gün, 4-nji aprelde Duşenbe şäherindäki “Kasri Millat” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, ikiçäk görnüşde we resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň Liderleri döwrüň talaplary bilen baglylykda hem-de Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ykdysadyýetleriniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi bermegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdylar. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, söwda gatnaşyklarynda taraplaryň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň hem-de Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Energetika, ulag we kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa meselesine aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Emomali Rahmon Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Bu gazna esasy sebitleýin düzüm bolmak bilen, onuň işi Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň we Täjigistanyň bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda häzirki döwrüň wehimleri we howplary bilen bagly möhüm meseleleri çözmek üçin mundan beýläkki gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Türkmen-täjik gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir