Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi Ýaponiýada ilkinji uik-endde gazanan girdeji ýygymy boýunça “Akwamen we ýitirilen şalyk” we “Dýuna 2” filmlerinden öňe geçip, rekord goýdy. Atom bombasyny dörediji J.Robert Oppengeýmeriň durmuşy barada gürrüň berýän film 2,5 mln dollar gazandy, bu bolsa 2024-nji ýylda Golliwudyň taslamalarynyň arasynda iň gowy görkezijidir. Filmiň dünýädäki umumy girdejisi 965 mln dollara ýetdi. Film Ýaponiýada resmi relizinden sekiz aýdan soň çykaryldy. “Oppengeýmer” onda Ýaponiýanyň we onuň pajygaly başdan geçirmesiniň ýokdugy üçin tankyda sezewar edildi. Meşhur režissýor Spaýk Li näme üçin Nolanyň atom bombalary taşlanan Ýaponiýa şäherleriniň pajygaly wakasyny görkezmändigi baradaky sorag bilen ýüzlenýär. Ýöne käbir kino tankytçylary režissýoryň maksadynyň hem hut şunda jemlenendigini öňe sürýärler: bolup geçen zatlary Hirosima we Nagasakä bomba taşlanandygyny Oppengeýmeriň edil özi ýaly radio arkaly bilen amerikan jemgyýetiniň gözi bilen görkezmek. Mart aýynda “Oppengeýmer” ýylyň iň gowy filmi, režissýorlyk, erkek keşbi (Killian Mýorfi) we ikinji plandaky aktýor (Robert Dauni kiçi) ýaly nominasiýalarda ýedi “Oskar” baýragyna eýe boldy. Belläp geçsek, 1945-nji ýylyň 6-njy we 9-njy awgustynda Hirosimadaky we Nagasakidäki partlamalaryň netijesinde birbada 80 müň adam ýogaldy. 1945-nji ýylyň ahyryna çenli, şol sanda onkologiýa kesellerinden we şöhle keselinden ölenleriň sany Hirosimada 90 – 166 müň adam, Nagasakide 60 – 80 müň adam boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir