Shell nebitgaz brendi Brand Finance konsalting kompaniýasynyň dünýäniň iň gymmat nebitgaz brendleriniň sanawynda öňdebaryjylygyny dowam edýär. 2023-nji ýylda Shell-iň bahasy 4% ýokarlanyp, 50,3 mlrd dollara ýetdi. Bu barada TASS belleýär. Brand Finance kompaniýasynyň uly müdiri Sawio D’Souzanyň aýtmagyna görä, Shell-iň nebitgaz pudagynda öňdebaryjy dünýä brendleriniň arasynda lider ornuny saklamagy “kompaniýanyň uzak möhletleýin korporatiw strategiýasy baradaky soraglara garamazdan, ajaýyp durnuklylygy görkezýär”. Şeýle-de, reýtingiň üçlügine Saudi Aramco (41,6 mlrd dollar) we PetroChina (28,5 mlrd dollar) girdi. Dördünji orunda Sinopec (26,7 mlrd dollar), bäşinji orunda BP (18,5 mlrd dollar) ýerleşdi. Britan kompaniýasy Fransiýanyň TotalEnergies brendi (17 mlrd dollar) bilen ýerini çalyşdy. Brendiň bahasynyň iň çalt ösüşini Kataryň Qatar Energy döwlet kompaniýasy görkezdi – 82% (3,2 mlrd dollara çenli).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir