Mart aýynyň başynda Aý gijesiniň başlanmagy sebäpli uky režimine geçirilen Nova-C amerikan moduly adatdan daşary pes temperatura çydap bilmän, öz işini hemişelik bes etdi. Bu barada işläp düzüji kompaniýa Intuitive Machines habar berdi diýip, kommersant.ru belleýär. “Uçuşy dolandyryjy hünärmenler çaklamalarynyň dogrudygy baradaky netijä geldiler – “Odisseýiň” energiýa ulgamy indi Ýere signal iberip bilmez. Bu “Odisseýiň” Aýa gonan ilkinji täjirçilik Aý moduly hökmünde taryhda galmak bilen, işini hemişelik bes edendigini tassyklaýar” – diýip, kompaniýa X sosial ulgamynda ýazdy. Bu modul 1-nji martda uky režimine geçirildi. Ol 23-nji fewralda Aýa gondy we ýedi günüň dowamynda işlemelidi. Ýöne hünärmenler onuň uky režiminde adatdan daşary pes temperaturada işe ukyplylygyny barlap görmek kararyna geldiler. Nova-C missiýasy hususy Intuitive Machines we NASA tarapyndan amala aşyryldy. Şertnamanyň bahasy 118 mln dollar boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir