Opel Astra-nyň utgaşdyrylan güýç gurluşly täze wersiýasy hödürlendi diýip, quto.ru habar berýär. Gibrid ulgam 1,2 litrlik benzin hereketlendirijisini, 48 woltlyk generatory we 6 tizlikli awtomatiki geçirijini özünde birleşdirýär. Gurluşyň umumy kuwwaty 136 at güýji we çekiş batareýasy sürüjiniň oturgyjynyň aşagynda ýerleşýär. 130 at güýji bolan benzin görnüşi bilen deňeşdirilende, täze gibrid ýangyjy 14% tygşytlaýandygyny görkezýär. Kombinirlenen aýlawda ortaça sarp edişi 5l/100 km töweregi bolup, täze önümi gibrid däl görnüşlerden tapawutlandyrýar. 48 wolt ulgamly täze Opel Astra modeliň adaty wersiýalary ýaly, bagažyň göwrümini öňküligine saklaýar. Gibrid Opel Astra-nyň satuwy Ýewropada eýýäm başlandy. Bahasy 36 430 ýewrodan başlaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir