Hytaýyň BYD awtoöndürijisi 100-den gowrak elektromobilleriniň we gibridleriniň bahasyny arzanlatdy. Şeýle etmek bilen kompaniýa Toyota, Volkswagen, Nissan we beýleki öndürijiler üçin çynlakaý bäsdeşligi döredýär diýip, Bloomberg agentligine salgylanyp, iXBT.com ýazýar. Bahalaryň arzanlamagy kompaniýanyň elektromobilleriň we gibridleriň adaty benzin awtomobilleriniň bahasy bilen elýeterli boljakdygyny görkezýän “nebitden arzan elektrik” döwrüne geçiş strategiýasynyň bir bölegidir. Täze BYD Seagull hetçbeginiň bahasy indi 10 000 dollardan, iň köp satylýan Qin Plus elektrik sedany bolsa 11 000 dollardan arzan. BYD eýýäm arzan bahadan 70-den gowrak modeli işe girizdi. Häzirlikçe diňe 233 müň dollar bahaly täze Yangwang superkary arzanlamady. Kompaniýa sürüjileri benzin awtomobillerinden ýüz öwürmäge we elektromobillere hem gibridlere geçmäge yrmak isleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir