2024-nji ýylyň Ýewropanyň futbol boýunça çempionatynyň esasy böleginde oýnamaga hukuk gazanmak üçin soňky geçiş oýunlary oýnaldy. Ýaryşyň soňky gatnaşyjylary Gruziýanyň, Ukrainanyň we Polşanyň milli ýygyndylary boldy. Şeýlelik bilen, Ýewro-2024-de şu aşakdakylar oýnar: A topar: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa, Şweýsariýa; B topar: Ispaniýa, Horwatiýa, Italiýa, Albaniýa; C topar: Sloweniýa, Daniýa, Serbiýa, Angliýa; D topar: Polşa, Niderlandlar, Awstriýa, Fransiýa; E topar: Belgiýa, Slowakiýa, Rumyniýa, Ukraina; F topar: Türkiýe, Gruziýa, Portugaliýa, Çehiýa. Ýewro-2024-iň final bölegi 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Berlin, Kýoln, Frankfurt-na-Maýne, Gelzenkirhen, Gamburg, Leýpsig, Mýunhen, Ştutgart we Dortmund şäherlerinde geçiriler. Açylyş oýnunda Germaniýanyň we Şotlandiýanyň milli ýygyndylary oýnar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir