2024-nji ýylyň fewral aýynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Azerbaýjana baryp gören syýahatçylaryň sany 2023-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 95,31% artdy. Bu barada Day.az habar berýär. Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan gelen syýahatçylaryň sany 2 584 adam boldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 74% köpdür. Umuman, 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Azerbaýjana gelen syýahatçylaryň sany 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46,7% artyp, 341 müň adam boldy. Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Ykdysady syýasat, senagat we telekeçilik boýunça komitetiniň agzasy Wugar Baýramow Türkmenistandan gelýän syýahatçylaryň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 1,7 esse artandygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir