HotCars portaly gözleg geçirdi we bahasy 30 müň dollardan az bolan iň ýyndam köpçülikleýin öndürilen awtoulaglaryň sanawyny düzdi. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda öndürilen we duran ýerinden 97 km/sag tizlige bary-ýogy 5,4 sekuntda ýetýän Chevrolet Camaro 1LT iň ýyndam köpçülikleýin öndürilen awtoulag hökmünde ykrar edildi. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 249 km. Ikinji orunda sagatda 0-dan 97 km tizlige 5,4 sekuntda ýetýän we iň ýokary tizligi sagatda 225 km bolan 2023-nji ýyla degişli Toyota GR86 ýerleşdi. Üçünji ýerde 5,4 sekuntda 97 km/sag tizlige ýetip bilýän 2024-nji ýyla degişli Subaru BRZ Premium bar, onuň iň ýokary tizligi sagatda 225 km bilen çäklenýär. Iň gowy 10-lukda 2024-nji ýyla degişli Mazda 3 (97 km/sag tizlige 5,6 sekuntda), 2024-nji ýyla degişli Mazda MX-5 Miata Sports (5,7 sek.), 2024-nji ýyla degişli Mini Cooper S (6,4 sek.), 2024-nji ýyla degişli Honda Civic Si (6,6 sekunt), 2024-nji ýyla degişli Kia Forte GT (6,7 sek.), 2023-nji ýyla degişli Chevrolet Bolt EUV (7 sek.) we 2024-nji ýyla degişli Kia K5 EX (7 sek.) ýerleşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir