Huawei kompaniýasy özüniň meşhur fitnes-trekeriniň iň soňky nesli bolan Band 9-y resmi taýdan tanyşdyrdy. Huawei Band 9 egri displeý we amatly gapdal düwmesi bilen özünden öňki nusgalaryň gönüburçly şekiline eýedir. Şeýle hem ol örän ýeňil we inçe (agramy – 14 gram, galyňlygy – 8,9 mm). Akylly sagat 1,47 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen enjamlaşdyrylandyr we enjamyň 5 atm çenli basyşa garşy durmagyna mümkinçilik berýän çyglylyk goragyna eýedir. Huawei Band 9 bäş sany reňk görnüşini hödürleýär: «elektrik gök», açyk gülgüne, limon sarysy, çägesöw-ak we «ýyldyz garasy». Mundan başga-da, Huawei Band 9-da deri üçin has ýakymly ýumşak floroelastomer kemeriň bardygy bellenilýär. Saglyk we sagdyn durmuş ýörelgesiniň höwesjeňleri üçin Band 9-da 100-den gowrak sport tertibi elýeterlidir. Mundan başga-da, Huawei TruSleep 4.0 aýratynlygy ukyny hemmetaraplaýyn yzarlamagy wada berýär. Huawei enjamyň bir zarýadda iň ýokary ömrüniň adaty ulanyşda 14 gün, işjeň ulanyşda 9 gün dowam edýändigini belleýär. Treker 45 minutda örän tiz zarýad alýar. Enjam birikmek üçin Bluetooth 5.3 ulanýar, Android bilen bolşy ýaly, iPhone smartfonlary bilen hem birigip bilýär. Huawei Malaýziýada Band 9 üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady, ýöne täze önümiň bahasyny mälim etmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir