Italiýanyň «Roma» futbol klubynyň öňki baş tälimçisi Žoze Mourinýu tomusda işe gaýdyp gelmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. «Roma» 16-njy ýanwarda portugaliýaly hünärmeniň işinden aýrylandygyny habar berdi. Ol «möjeklere» 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edipdi, şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli niýetlenendir. Şol gün toparyň eýeleri Den we Raýan Fridkinler Mourinýunyň ýerine «Romanyň» öňki oýunçysy Daniele De Rossini bellediler. «Meniň klubum ýok, men azat. Ýöne men işlemek isleýärin, tomusda işlemek isleýärin. Futbol meniň urmuşym, islendik ýerde tälim berip bilerin, kynçylyk çekmerin» diýip, A Bola Mourinýunyň sözlerini getirýär. Mourinýu Italiýanyň klubyndan öň Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» we «Çelsi» toparlaryna, Madridiň «Realyna», Italiýanyň «Interine», Portugaliýanyň «Portu», «Leýriýa», «Benfika» toparlaryna tälim berdi. Tälimçi hökmünde Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň (öňki UEFA Kubogy) hersinde iki gezek, Konferensiýa ligasynda bolsa bir gezek ýeňiji boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir