Volkswagen kompaniýasy Pekindäki awtoulag sergisinde Passat modeliniň oruntutary bolan täze Magotan sedanyny hödürlär. Bu barada ithome.com habar berýär. Awtoulagyň uzynlygy 4990 mm, ini – 1854 mm, beýikligi – 1487 mm. Teker binýady – 2871 mm. Şeýlelik bilen, HHR-iň bazary üçin niýetlenen sedan «global» Passat B9 uniwersal ulagyndan sekiz santimetr uludyr. Onuň salonynda sanly gurallar paneli we iki sany giň monitor ornaşdyrylandyr. Hytaýda bu awtoulag 220 at güýjüni öndürýän 2.0 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen hödürlener. 160 at güýjüni öndürýän 1,5 litrlik has ýönekeý görnüşi hem bolar. Ulagyň öňdaki tekerleri hereketli, geçiriş gutusy bolsa robotlaşdyrylandyr. Model barada has anyk maglumatlar tanyşdyrylyş dabarasynda yglan ediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir