Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi ilkinji gezek diri adama üstünlikli geçirildi. Operasiýa Massaçusets hassahanasynda geçirildi we dört sagatlap dowam etdi. Hassahananyň web sahypasynda habar berlişine görä, 62 ýaşly näsag Riçard Sleýman böwrek keseliniň soňky stadiýasynda ejir çekipdir. 2018-nji ýylda oňa aradan çykan adamynyň böwregini oturtdylar, ýöne ol işlemän başlady. Transplantasiýa üçin donor doňuzdan alnan böwrek ulanyldy, onuň genomyndan bitişmezligine sebäp bolup biljek genler aýryldy, ylalaşyp gitmegi üçin adam genleri goşuldy. Alymlar adamlara ýokaşma ähtimallygyny aradan aýyrmak üçin donor doňzuň endogen retrowiruslaryny hereketsizleşdirdiler. 69 sany üýtgeşmäniň edilendigi bellendi. 2023-nji ýylda hirurglar şuňa meňzeş operasiýa edipdiler, ýöne näsag beýnisi ölen adamdy we göçürilen böwrek 61 gün işledi. Riçard Sleýmanyň mysaly - adama doňzuň beden agzasynyň göçürilmegi bilen bagly taryhda üçünji ýagdaýdyr. Ilkinji iki ýagdaýda näsaglara ýürek göçürilipdi. Ilkinji gezek doňuz ýüregi 57 ýaşly Dewid Bennette göçürildi. Transplantasiýadan soň bu adam sekiz hepde dört gün ýaşady. 2022-nji ýylyň 8-nji martynda aradan çykdy. Ikinji näsag, 58 ýaşly Lorens Fosett transplantasiýadan soň alty hepde töweregi ýaşady we 2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda aradan çykdy. Onda ýürek näsazlygy ýüze çykypdy we oňa adaty adam ýüregini transplantasiýa etmek ýaramsyz hasaplanypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir