Toyota 2024-nji ýylyň ahyrynda ykjam göwrümli Land Cruiser FJ wnedorožnigi bilen tanyşdyrar. Modeliň ady geçen güýzde hasaba alyndy, ýöne şol wagt ramanyň ýa-da saklaýjy kuzowyň boljagy-bolmajagy näbellidi. Land Cruiser FJ-niň gibrid ýa-da doly elektrikli modifikasiýany aljakdygy öňem çak edilýärdi. Şeýle-de bolsa, täze maglumatlara görä, ulag diňe içinden ýandyrylýan hereketlendirijisi bilen elýeterli bolar. Haýsy hereketlendiriji hakda gürrüň gidýändigi entek belli däl. Carscoops-yň wersiýasy boýunça, bu Land Cruiser Prado-da eýýäm ulanylýan 2,7 litrlik 2TR-FE tebigy islegli “dörtlük” bolup biler. Geljekde Toyota elektrikli Land Cruiser krossowerini çykaryp biler. Land Cruiser Se atly konseptual wersiýasy geçen güýzde tanyşdyryldy. Köne Land Cruiser modelleri hem elektrik energiýasyna geçer, ýöne kompaniýa entek olaryň formaty barada belli karara gelmedi. Megerem, doly täze platforma döretmek zerur bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir